May 30, 2022 15:55 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Salami: Şehit Saýad Hodaýynyň aryny alarys

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi: Şehit "Hasan Saýad Hodaýyň" ganynyň aryny sionist režiminden alarys diýdi.

Siriýada mukaddes mekanlary goraýan we DAEŞ terrorçylaryna garşy göreşýän pasdar polkownik Hasan Saýad Hodaýy geçen ýekşenbe güni Tähranda rewolýusiýa garşy terrorçylaryň we global ulumsylyk bilen baglanyşykly elementleriň tarapyndan şehit boldy.

IRIB habarlar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä; Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general Huseýin Salami şehit Hasan Saýad Hodaýyň maşgalasy bilen duşuşygynda Şehit Hodaýy näbelli bir adamdy we adamlar ony tanamaýardylar, ýöne Hudaýyň rugsady bilen dünýäde birden partlama boldy we Şehit Saýad Hodaýy dünýäniň iň ýokarsyndaky gün ýaly şöhle saçdy diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi şeýle-de, bu şehitiň beýikligi şeýle bir uludyr welin, duşman ony şehit etmegi bilen özüni ýeňiji hasaplandyr diýmek bilen duşman Ak-Tamyň we Tel Awiwiň merkezinden Şeýid Saýad Hodaýyny şol ýerde şehit etmek üçin birnäçe aýlap we ýyllap ony yzarlap gezendirler diýdi.

Tags