Jun 07, 2022 20:27 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahýan Yragyň içeri işler ministri bilen terrorçylyga garşy göreşmek we tozana gözegçilik etmek barada maslahatlaşdy

Eýranyň Daşary işler ministri we Yragyň içeri işler ministri terrorçylyga garşy göreş, tozan hadysasyna gözegçilik etmek we iki ýurduň raýatlarynyň gury ýer hereketine girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagy barada pikir alyşdylar.

Tährana sapar eden Yragyň içeri işler ministri Osman Al-Ganimi şu gün irden (sişenbe) Daşary işler ministrliginde Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen duşuşdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian şu gün (sişenbe) Yragyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy barada twit ýazdy: Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda: Bu ýygnakda durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga garşy göreş, tozan hadysasynyň öňüni almak we iki ýurduň raýatlarynyň, esasanam Ärbäin ýerüsti hereketindäki çäklendirmeleri aýyrmak üçin hyzmatdaşlygyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy diýdi.

Tags