Jamşidi: Raisi Eýran bilen Ermenistanyň serhetleriniň goralmagyny nygtaýar
(last modified Fri, 12 Aug 2022 10:41:45 GMT )
Aug 12, 2022 15:41 Asia/Ashgabat
  • Jamşidi: Raisi Eýran bilen Ermenistanyň serhetleriniň goralmagyny nygtaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentlik gullugynyň syýasy orunbasary Muhammet Jamşidi ​​Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasy bilen Ermenistan Respublikasynyň serhetleriniň goralmagyny nygtaýandygyny aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan Nagorno-Garabag sebiti barada dawalary bar.

Bu iki ýurduň arasyndaky Garabag sebiti baradaky dawa 1988-nji ýylda başlandy we 1991-nji ýylda harby konflikte öwrüldi we käbir daşary ýurtlaryň gatyşmagy dartgynlygy artdyrdy.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentlik gullugynyň syýasy orunbasary "Muhammet Jamşidi" anna güni twitterde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisie eden telefon arkaly söhbetdeşligine salgylanyp we Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasynda bolup geçen soňky konflikt barada hasabat bermek bilen bu telefon söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ýaraşyk şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmeginiň Kawkaz sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gazanýan ýeke-täk ýoludygyny we oňa gol çekenleriň öz borçlaryny ýerine ýetirmelidigini aýdandygyny ýazdy.

Jamşidi sözüniň dowamynda: Raisi sebitiň gadymy taryhyny ýatlap, Eýran Yslam Respublikasy bilen Ermenistan Respublikasynyň serhetleriniň islendik ýagdaýda saklanjakdygyny aýdandygyny nygtady.

Tags