Sebitdäki islendik üýtgeşmä Eýranyň garşylygy
(last modified Mon, 26 Sep 2022 04:28:21 GMT )
Sep 26, 2022 09:28 Asia/Ashgabat
  • Sebitdäki islendik üýtgeşmä Eýranyň garşylygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýranyň sebitdäki islendik üýtgeşmä garşydygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian anna güni Nýu-Yorkorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň çäginde Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeihun Baýramow bilen duşuşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň serhetleriň üýtgemegine berk garşylyk görkezýändigini aýtdy. Ol şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy, konfliktiň taraplary  Azerbaýjan we Ermenistan Respublikasynyň resmileri bilen maslahatlaşyp, olaryň aralaryndaky düşünişmezlikleri parahatçylykly çözmäge kömek etmäge taýýardyr diýdi.

Kawkazda 13-nji sentýabrda Azerbaýjan we Ermenistan respublikasynyň birek-biregiň çägine eden harby hüjümlerinden soň başlanan täze konfliktleriň başlamagy bilen bu sebit ýene-de tolgunyşyklaryň merkezine öwrüldi. Bu, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan we Ermenistan Respublikasynyň Eýranyň tagallalary we Russiýanyň araçylygy bilen Garbag konflikti barada ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyga gelendigine garamazdan, sebitdäki ýagdaý dartgynlylygyna galýar we wagtal-wagtal  iki ýurduň arasyndaky gapma-garşylyklar görünýär.

Indi dawa Ermenistanyň çägindäki Zangezor koridory we bu ýurt bilen Eýranyň arasynda takmynan 35 kilometr araçäkde; Azerbaýjan Respublikasyny Nahçiwan awtonom sebiti bilen birleşdirip biljek koridor hakdadyr. Bakuw, Türkiýäniň goldawy we Sionist režiminiň prowokasiýalary bilen bu koridory ele almak isleýär, bu, elbetde, durmuşa geçirilse Ermenistanyň serhetleriniň üýtgemegini we Eýran bilen aragatnaşygyň kesilmegini aňladar.

Eýran Yslam Respublikasy, Nagorno-Garabag sebiti boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gapma-garşylyklar wagtynda Bakuwy goldasada, bu Nagorno-Garabag sebitiň Azerbaýjan Respublikasyna gaýdyp gelmegini gutlasa-da, Zangezor koridorynyň meselesi Azerbaýjanyň geosyýasy açgözlügidir we Eýranyň demirgazyk serhetlerine howp hasaplap boljakdyr.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky ýaraşyk şertnamasy we onuň düzgünlerine laýyklykda, harytlary we adamlary daşamak üçin Azerbaýjan Respublikasy bilen Nahçiwan arasynda diňe bir gury ýer ýoly ylalaşyldy; Azerbaýjan Respublikasynyň göz öňünde tutýan şu şertnamasynyň 9-njy bölüminde Ermenistan diňe Azerbaýjan Respublikasy bilen Nahçiwan Awtonom Respublikasynyň arasynda petiklenen transport ýollaryny açmaga we bu ugurlarda howpsuzlygy kepillendirmäge razy boldy, ýöne hiç ýerde Ermenistan bilen Eýranyň arasynda serhet ýakasynda koridor döretmek, bu serhedi aýyrjak we Eýrany ,Ermenistan Respublikasynyň tranzit ýoluna girmek mümkinçiliginden mahrum edilmek ýazylandäldir.

 Şonuň üçin Eýran, Ermenistan bilen serhetdeş ýurt hökmünde bolup biläýjek üýtgeşmelere täsir edip biler we şu esasda garşylygyny ilkibaşdan aç-açan yglan etdi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý 19-njy iýulda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen bolan duşuşygynda , “Eýran bilen Ermenistanyň araçägini ýapmak syýasaty bar bolsa, Tähran muňa garşy çykar, Sebäbi bu serhet müňlerçe ýyllap aragatnaşyk ýolydyr diýdiler.

 

Tags