Dec 10, 2022 22:03 Asia/Ashgabat
  • Prezident Raisi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Sistan we Bulujystan welaýatynda Haşyň meşhur Ymam Jumasyny terror edenleri derrew anyklamagy nygtady.

Näbelli adamlar, Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynda agzybirligiň nyşanlaryndan biri hökmünde tanalýan Haş şäherindäki Ymam Huseýin (AS) metjidiniň sünni ymamy Maulwi Abdulwahid Rigini şehit etdiler.

Prezident Seýid Ybraýym Raisi, Maulwi Abdulwahid Riginiň şehit bolmagyna gynanç hatynda onuň Maşgalasyna we Haş, Sistan we Bulujystan halkyna tesella aýtmak bilen howpsuzlyk we hukuk goraýjy edaralara bu jenaýaty edenleri gyssagly anyklamagy we kanuny jeza üçin adalat ulgamyna tabşyrmagy buýrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Raisi şu gün (şenbe) Haşyň sünnileriniň ymamy Maulwi Abdulwahid Riginiň gorkak öldürilmegi we şehit bolmagy üçin gynanç hatynda: Haşyň Ahl al-Sünnetiniň juma ymamynyň we ömrüni yslam hyzmatlaryna bagyş eden şol sebitiň meşhur we at gazanan alymlaryndan biri bolan Maulwi Abdulwahid Riginiň terror edilmegi we şehit bolmagy baradaky habar gynanja sebäp boldy diýdi.

Tags