Dec 22, 2022 13:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň içeri işler ministri: Maulawi Abdulwahid Riginiň janyna kast eden toparyň daşary ýurtdan operasiýa buýrugy bardy

Eýranyň Içeri işler ministri: "Malawi Abdulwahid Rigi"-ni terror eden toparynyň ýurduň daşyndan operasiýa buýrugy bardy diýdi.

"Maulawi Abdulwahid Rigi", Haş şäherindäki Ymam Hüseýin (AS) metjidiniň sünni ymamy, sebitiň we Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň öňdebaryjy Maulwilerinden biridi, ol 8-nji dekabrda näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy we şehit boldy.

14-nji dekabrda Eýran Yslam Respublikasynyň aňtaw ministrligi öz beýanynda Haş şäherindäki Ymam Hüseýin (A.S.) metjidiniň Juma ymamynyň janyna kast etmekde 3 günäkäriň tussag edilendigini habar berdi.

Eýranyň Içeri işler ministri "Ahmad Wahidi" ISNA habar gullugyna beren interwýusynda şehit "Maulawi Abdulwahid Rigi"-ni öldüren topar barada soňky habarlar barada şeýle diýdi: Bu terror toparynyň maksady sebitde dini we etnik düşünişmezligi döretmekden ybaratdy diýdi.

Eýranyň Içeri işler ministri Maulawi Riginiň watançy, ynkylapçy we duşmana garşy Maulawidigini we şonuň üçin nyşana alnandygyny we şehit bolandygyny aýtdy.

Tags