Jan 13, 2023 20:56 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahyýanyň Liwana eden saparynyň ähmiýetiniň sebäpleri

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir abdollahyýan, Beýrutda sapary wagtynda Liwanly kärdeşi Abdullah Bouhabib bilen duşuşdy we Eýran Yslam Respublikasynyň hemişe Liwan wepaly dosty bolup galjakdygyny aýtdy.

  Huseýin Amir abdollahyýan, Beýrutda sapary wagtynda Liwanly kärdeşi Abdullah Bouhabib bilen duşuşdy we Eýran Yslam Respublikasynyň hemişe Liwan wepaly dosty bolup galjakdygyny aýtdy.

Bu sapar, Amir Abdullahýanyň Eýranyň Daşary işler ministri wezipesine girişeninden soň Liwana üçünji saparydyr. Liwan, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýän ýurtlaryň biridir. Eýran Yslam Respublikasy Liwan garşylygynyň iň möhüm goldawçysy bolup, Liwana we Sionist režime garşy söweşdäki garşylygy ýa-da şol çydamy elmydama goldaýar we bu goldawyň dowam etmegine ünsi çekýär.

Eýran Yslam Respublikasy Liwanyň içerki ulgamynda Liwanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny elmydama talap edip gelýär we Liwanyň içerki işlerine goşulmakdan saklanýarka, hemişe bu ýurduň syýasy toparlaryny syýasy çözgüt tapmaga we güýçli döwlet döretmäge höweslendirýär . Bu mesele Amir Abdullahyýanyň Liwana eden sapary we Abdullah Bouhabib bilen duşuşygynda-da nygtaldy.

 Amir Abdollahyýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Liwanyň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin goldawyny nygtady we Eýranyň Liwan dogan ýurduň içerki işlerine goşulmaýandygyny we Liwanyň ähli syýasy akymlarynyň gepleşiklerini goldaýandygyny aýtdy.   Bouhabib Eýranyň,Liwanyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny yzygiderli goldaýandygy we Eýranyň Liwanyň ykdysady meselelerini çözmekde hoşniýetliligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasy kyn ýagdaýlarda Liwany goldaýar.Liwanyň häzirki ykdysady çökgünliginiň sebäplerinden biri ABŞ-nyň sanksiýalary we bu ýurda sebit kömeginiň kesilmegidir. Mundan başga-da, 2021-nji ýylda Saud Arabystanynyň hökümeti we beýleki birnäçe arap hökümetleri Liwana garşy güýçli basyş bilen bu ýurduň ykdysady we syýasy kynçylyklaryny ýokarlandyrmak üçin hereket etdiler.

Eýran Yslam Respublikasy bolsa, Liwana ýangyç iberip, bu ýurduň halkynyň çekýän azaplaryny azaltmaga synanyşdy we bu syýasat dowam edýär. Bu meselede Huseýin AmirAbdollahyýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Liwan halkynyň elektrik we energiýa meselesi bilen baglanyşykly çekýän görgülerini ýeňletmäge taýýardygyny nygtady we Liwanyň elektrik stansiýalaryny hem abatlamaga kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.   

 

Tags