Mar 21, 2023 16:48 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň Nowruz sargydy: 1402-nji ýyl;

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, 1402-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli eden ýüzlenmesinde Eýranyň halkyna we Nowruzy gadyrlaýan ähli halklara gutlamak bilen geçen ýyl ýurduň iň möhüm meselesini ykdysadyýet we halkyň durmuşy meselesi hasapladylar we ykdysadyýetiň şu ýyl ýurduň esasy meselesidigini belläp, 1402-nji şygary "inflýasiýa gözegçilik we önümçiligiň ösüşi" diýip yglan etdiler.

EýranPressiň beren habaryna görä, Hezreti Aýatolla Hameneý Nowruz sargydynyň başynda tebigat baharynyň ruhy bahar bilen simmetriýasyna salgylanyp Mukaddes Remezan aýynda ruhy şemal hemmeleriň keýpini öz içine alýar şol sebäpli ýüregimizi bu ylahy we hoşboý ysly şemaldan açmalydyrys diýdiler.

Soňra Hezreti Aýatolla Hameneýi 1401-nji ýyly gysgaça gözden geçirdi we bu ýyl Yslam rewolýusiýasyndan soňky ýyllar ýaly dürli kynçylyklar bilen ajy we süýji hasapladylar we ykdysadyýetiň geçen ýyl ýurduň iň möhüm meselesidigini aýtmak bilen ykdysadyýet meselesinde ajy hem süýji bardy, ajy esasan inflýasiýa we ýokary bahalar bilen baglanyşyklydy, esasanam azyk önümleriniň ýokary bahasy we durmuşyň esasy zerurlyklary, köp ýokarlandy we iň köp basyş jemgyýetiň aşaky gatlaklaryna degişlidir diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de elbetde, adamlaryň durmuşy we ýaşaýyşy bilen baglanyşykly ykdysady pudakda gowy işler we gurluşyklar hem edildi diýip aýdyp geçdiler.

Yslam ynkylabynyň lideri şeýle-de 1401-nji ýylda birnäçe müň ýapyk we ýarym ýapyk zawodyň gaýtadan açylmagy şeýle hem bilimlere esaslanýan kompaniýalaryň köpelmegi we işsizligiň az mukdarynyň azalmagy bilen önümçiligiň goldawyny ykdysadyýet pudagynda oňýn hereketler höküminde sanap boljak işler hasapladylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň lideri ýurduň ykdysady ýagdaýyna baha bermek meselesinde baha berişlerde ajy we süýjini birek biregiň ýanynda görülmelidigini we olaryň jemi hasaplanmalydygyny aýtdylar.

Hezreti Aýatolla Hameneýi ykdysady kynçylyklaryň diňe bir Eýran üçin däl, eýsem güýçli we ösen ykdysadyýetli ýurtlar bilen birlikde ähli ýurtlaryň diýen ýaly ykdysady kynçylyklardan, hatda banklaryň çokmeginden we adatdan daşary karzlardan ejir çekýändigini aýtmak bilen döwlet işgärleri, ykdysady, syýasy we medeni aktiwistler bu ýyl Eýran halky üçin ajyny azaltmak we üstünlikleri artdyrmak arkaly süýji ýyl geçirmek üçin elinden gelenini etmelidirler sözlerine goşdylar.

Hezretleri şeýle-de 1402-nji ýyl hakda hem gürrüň gozgap şu ýyl ýurduň esasy we möhüm meselesi ykdysadyýetdir. Elbetde, bu beýleki pudaklarda hiç hili problemanyň ýokdugyny aňlatmaýar. Ýurduň medeni we syýasy ugurlarynda dürli meseleler bar, ýöne hökümet, mejlis, ykdysady aktiwistler we ýaş toparlary halkyň meselelerini çözmek üçin ähli güýjüni sarp etseler, başga-da köp meseleler çözüler diýdiler.

Hezretleri sözüniň dowamynda men bu taraplaryň hemmesini göz öňünde tutup esasanam inflýasiýany esasy mesele we önümçiligi ýurdy ykdysady kynçylyklardan halas etmegiň açary hökmünde göz öňünde tutmak bilen, 1402-nji ýylyň şygaryny "Inflýasiýa gözegçilik etmek we önümçiligiň ösüşi" diýip yglan edýärin diýdiler.

Tags