Mar 28, 2023 02:50 Asia/Ashgabat
  • Kataryň Daşary işleriniň geňeşçi ministriniň Eýrana eden sapary

Kataryň Daşary işleriniň geňeşçi ministri Tährana sapary wagtynda Eýranyň Daşary işler ministri we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary bilen aýratyn duşuşdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada pikir alyşdy.

  Kataryň Daşary işleriniň geňeşçi ministri Tährana sapary wagtynda Eýranyň Daşary işler ministri we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary bilen aýratyn duşuşdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada pikir alyşdy.

Eýranyň ýokary Lideriň wekili we Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bu ýygnakda şeýle diýdi: "Jenap Raisiniň hökümeti tarapyndan alnyp barylýan goňşy diplomatiýa strategiýasynyň çäginde goňşy ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek Eýranyň Daşary gatnaşyklarda esasy ileri tutulýan ugurydyr we bu ugurdaky çäklendirmelere ynanmaýarys diýdi.Kataryň Daşary işleriniň geňeşçi ministri"Muhammet bin Abdulaziz Al-Halifi" hem Eýran bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň Kataryň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp,"Söwda hyzmatdaşlygynyň göwrümini artdyrmak we tizleşdirmek infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek iki ýurduň bilelikdäki tagallalary Tähran-Doha ykdysady gatnaşyklarynyň hereketlendirijisine öwrüler diýdi. Kataryň bu resmisiniň Tährana eden sapary, Eýran Yslam Respublikasynyň resmileriniň goňşy ýurtlar we sebit bilen yzygiderli gatnaşygyndan soň edildi, indi Tähran bilen Riýadyň arasynda diplomatik gatnaşyklary dikeltmek baradaky ylalaşyk ýaly üstünlikler gazanyldy. Katar bilen birlikde köp sanly arap we yslam ýurtlary hem ony gutladylar we bu çäräni sebitdäki howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin täsirli hasapladylar. Katar Eýranyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ýurtlaryň biridir, Eýran we Katar iki sany yslam döwleti hasaplanýar we Pars aýlagynyň duýgur sebitide ýerleşýärler we möhüm sebit meseleleri boýunça pozisiýalary biri-birine ýakyndyr; Soňky ýyllarda Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn we Müsür Katara garşy sanksiýalar girizilenden we Kataryň halkyna we hökümetine bu sanksiýalary bozmakda Eýranyň oňyn  hereketi bolandyr.

 

Tags