May 17, 2023 18:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Raşt-Astara demir ýol şertnamasy Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda strategiki ädimdir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti “Raşt-Astara” demir ýol şertnamasyna gol çekişmek Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm we strategiki ädimdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen Raşt-Astara demir ýolunyň gurluşygy baradaky şertnama gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda şeýle diýdi: Eýran bilen Russiýanyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk bar we Raşt-Astara demir ýol şertnamasyna gol çekişmek bu hyzmatdaşlygyň alamatlaryndan biridir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Raşt-Astara demir ýol şertnamasyna gol çekişmek diňe Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen çäklenmedi we Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň ondan peýdalanjakdygyny aýtmak bilen Demirgazyk-Günorta koridor sebitdäki ähli ýurtlar üçin peýdaly bolar, sebäbi Gündogar we Günorta Aziýadan Kawkaza we Demirgazyk Ýewropa barýan bu ýol bu ýurtlaryň arasynda dostlugyň, ýakynlaşmagyň we söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň beýany bolar we bu hyzmatdaşlyklar öňküsinden has köp dörediler diýdi.

Russiýanyň prezidenti Raşt-Astara strategiki demirýol liniýasynyň ähmiýetine ünsi çekip: Bu ýol, global transport ugurlaryny üýtgetmek we diwersifikasiýa etmek we üstaşyr pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin bäsdeşlik syýasatyna alyp barmak üçin mümkinçilik döretdi diýdi.

Putin şeýle-de  Demirgazyk-Günorta transport geçelgesi Eýranda we Pars aýlagyndaky ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde görnükli goşant goşýar diýip sözlerine goşdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran bilen Russiýa Günorta Aziýany Demirgazyk Ýewropa bilen birleşdirýän Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesini tamamlamak üçin Raşt-Astara demir ýolunyň gurluşygy barada şertnama baglaşdy.

Bu şertnama şu gün (çarşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň eden çykyşlaryndan soň iki ýurduň wekilleriniň arasynda gol çekildi.

Tags