May 25, 2023 11:08 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähranyň we Jakartanyň ykdysadyýetlerini biri-biriniň üstüni ýetirýär diýip hasaplady.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Seýid Ebrahim Raisi" çarşenbe güni agşam Tähranyň Mehrabad howa menzilinde Indoneziýa iki günlük saparyndan gaýdyp geleninden soň eden çykyşynda Eýranyň dürli ýurtlar bilen gatnaşygy sebitlilige we goňşy syýasata esaslanýar diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda şeýle-de Eýranyň syýasaty ykdysady ýakynlyk we köptaraplaýynlyk, Hytaý, Hindistan we Indoneziýa ýaly ösýän Aziýa güýçleri bilen hemmetaraplaýyn we deňagramly hyzmatdaşlykdyr diýdi.

Raisi şeýle hem bu saparyň dowamynda ykdysady, söwda, medeni we energiýa pudaklarynda 11 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi diýip sözlerine goşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranly hünärmenleriň robot operasiýa enjamyny ulanmak başlangyjy bilen gepleşikleriň geçirilendigini we Indoneziýanyň 12 hassahanasynyň bu enjam bilen enjamlaşdyrylmalydygyny aýtdy.

Tags