Jun 08, 2023 13:29 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahýanyň, prezidentiň saýlanmagy üçin Liwan partiýalarynyň arasynda düşünişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi

Eýranyň daşary işler ministri Liwanyň prezidentini saýlamak üçin bu ýurduň partiýalary bilen toparlarynyň arasynda düşünişmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýran Press-iň habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian düýn (çarşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Liwandaky ilçisi Mojtaba Amani bilen duşuşygynda, Liwan partiýalaryny prezidentiň saýlawyny tizleşdirmäge çagyrýandygyny aýtmak bilen sebitiň ýurtlary hem bu meselä üns berýändigini we bu meseläni çözmäge kömek etjek bolýandygyny aýtdy.

Amir Abdollahian, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini, esasanam syýasy we ykdysady ugurlary ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Liwan garşylyk okunda möhüm rol oýnaýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Liwandaky ilçisi Mojtaba Amani hem missiýanyň ýerleşýän ýeri we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Tags