Aýatolla Ymami Kaşani: duşmanlar Eýrana urgy urmagyň yzyndadyrlar
(last modified Fri, 16 Mar 2018 15:24:11 GMT )
Mar 16, 2018 20:24 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Ymami Kaşani: duşmanlar Eýrana urgy urmagyň yzyndadyrlar

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy duşmanlar dürli syýasy, ykdysady, sosial we medeni pitneler bilen yslam düzgünine urgy urmagyň yzyndadyrlar diýdi.

Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde gorky we durnuksyzlyk döretmek we ykdysady basyşlar duşmanlaryň yzarlaýan planlaryndandyr diýmek bilen duşmanlar mekirli hileleri bilen kazyýet güýjine, yslam şuwa mejlisine we Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine urgy urmagyň yzyndadyrlar oňa görä bu hili hereketleriň garşysynda hemmeler hüşgär bolmalydyrlar diýip nygtady.

Aýatolla Ymami kaşani sözüniň dowamynda hudaýlykly bolmakda dünýäde Eýrany birinji hatarda hasaplaphudaýlykly bolmak howpsuzlygy we hudaýparazlygy öz içine alýandyr we bular uly nygmatdyr diýdi.

Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani Eýranyň jogapkärlerinden ilatyň ykdysady kynçylyklaryny çözmek ugurda tagalla etmeklerini isledi.

Eýran häkimiýetiniň salasyny saýgaryş ýygnagynyň agzasy Hojjatol Yslam welmoslemin Golamreza Mesbahi Mogaddam hem Tehraniň juma namazynyň hutbalaryndan öňürti beren gürrüňlerinde Eýran milleti yslam ynkylabynda garaşsyzlygyň, erkinligiň we yslam respublikasynyň yzyndady we syýasy garaşsyzlyk hem başa barandyr we hiç bir gudrat öz yradasyny Eýran milletine töňkäp başarýan däldir diýip nygtady.