Raisi: Yslam jemgyýeti Gurany kemsitmäge ýol bermez
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Gurany kemsitmek adamzada we yslam gymmatlyklaryna dil ýetirmekdir we Yslam jemgyýeti muňa ýol bermez diýdi.
Şwesiýanyň şikaýat kazyýeti ýurduň polisiýasynyň Gurany ýakmak üçin gurnalan demonstrasiýalara girizen gadaganlygyny ýatyrandan iki hepde soň, polisiýa demonstrasiýa rugsat berdi we bu demonstrasiýa gatnaşanlaryň birisi, çarşenbe güni musulmanlaryň Gurban baýramyna gabat gelýän günde Guranyň bir nusgasyny ýakdy, bu bolsa bütin dünýäde giňden nägilelige we ýazgarmalara sebäp boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Rafsanjanyň juma namazynyň ýygnanyşygynda Şwesiýadaky Guranyň kemsidilmegini ýazgarmak bilen ylahy we asmanlyk dinleriniň ähli adamlary Gurany kemsitmekden gaharlandylar we bu adamzada we yslam gymmatlyklaryna garşy kemsidiji zady, yslam jemgyýeti çydap bilmez diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan musulmanlar bu kemsitmäni ýigrenýändiklerini mälim etdiler diýip beýan etdi.
Mukaddes zatlaryň söz we pikir azatlygyny ýalan goraýjylar tarapyndan kemsidilendigini aýdan Raisi, ýaşlar olaryň erkinlige garşydyklaryny we diňe söz we pikir azatlygynyň ýalan goldawyny ýokarlandyrandyklaryny bilmelidirler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi birnäçe gurluşyk we hyzmat taslamalarynyň açylyş dabarasy üçin şu gün, anna güni Kerman welaýatyna (Eýranyň günortasy) gitdi.