Mar 22, 2018 21:25 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň döwleti Aşgabat döwletinden Hazar deňizinde ýüze çykan hadysa barada açyklama bermegini isledi

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Tehran döwleti Türkmenistanyň serhet sakçylarynyň Eýranly balykçylara garşy amala aşyran ok atyşygyna nägiledigini resmi tärde yglan edendir we bu barada Aşgabat döwletinden açyklama bermegini isländir diýip yglan etdi.

Eýranyň türkmen etrabynyň 4 balykçysy geçen sişenbe gijesi aw awlamak üçin Hazar deňizine girýärler we Eýran bilen Türkmenistanyň serhet araçäginde Türkmenistanyň serhet sakçylarynyň ok atyşygyna gabat gelýärler we netijede olaryň ikisi aradan çykýar we ikisi hem tutulýar.

ýaňky hadysadan soňra Eýranyň daşary işler ministrligi we Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň resmileri bilen arabaglanşyk berkarar edip bu mesele barada açyklama bermeklerini isländir diýip bahram gasemi aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Türkmenistanyň serhet sakçylarynyň eden işini tankyt edip Eýranyň balykçylary Türkmenistanyň suwlaryna ýakynlanam bolsa halkara kanunlar esasynda Türkmenistanyň serhet sakçylary olary Türkmenistanyň suw çäklerinden daşaldyp başarýardylar diýip nygtady.

Eýran bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklaryna garamak bilen bu hadysanyň jik-mejiginiň belli bolmagyny arzue edýärin diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.

Tags