Mar 24, 2018 17:07 Asia/Ashgabat
  • Hoşru: Eýrana garşy çykarlan karar hat syýasydyr

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky gullugyndaky Eýranyň wekili Eýrana garşy rezolýusiýanyň taslamasyny adalatdan daş, syýasy we adam hukuk geňeşiniň öz maksatlaryndan ara gaçmagy manysynda hasaplady.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuk geňeşiniň 37-nji maslahatynyň  soňunda Eýrana garşy teklip edilen taslamany 21 ýurt goldady, 7 ýurt oňa garşy çykdy we 19 ýurt hem ses bermekden saklandylar , şu esasda Birleşen Milletler Guramasynyň Eýran baradaky adam hukuk hasabatçysy ýene bir ýyl işini dowam etdirmeli boldy.

Mohsen Naziri Asl Eýrana garşy çykarlan rzolýusiýanyň yzarlaýan syýasy maksatlaryny tankyt edip bu hili hereket gepleşik geçirmek ýörelgelerine garşydyr diýip nygtady.

Birleşen Milletler Guramasy syýasy hereketleri bilen öz ornyny we abraýny pese gaçyrýandyr diýip Naziri Asl sözüne goşdy.

Tags