Sep 24, 2023 17:54 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministrligi öz beýanynda Tähranda bir wagtyň özünde 30 partlamanyň zyýansyzlandyrylandygyny we 28 terrorçynyň tussag edilendigini habar berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministrligi ýekşenbe güni beren beýanatynda: Aňtaw ministrliginiň güýçleri Tähranyň gür ilatly merkezlerinde bir wagtyň özünde 30 sany terror partlamasyny tapyp zyýansyzlandyrdy we Tähran, Alborz we Günbatar Azarbaýjan welaýatlarynda bir wagtyň özünde terrorçylyk ulgamynyň 28 agzasyny tussag etdi diýip yglan etdi.

Bu bildirişiň dowamy şeýle diýilýär: köp mukdarda partlaýjy materiallar we taýýar bombalar we köp mukdarda bomba ýasaýjy materiallar, 100 sany partlaýjy enjam we wagt bomba üçin dürli elektron enjamlary, 17 sany Amerikan ýaragy we oklary, köp sanly Akylly enjam we hemra aragatnaşygy we harby eşikler we terrorçylyk ýelekler terrorçylardan tapyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministrliginiň habaryna görä, bu elementler DAEŞ-nyň jenaýat topary bilen baglanyşykly we käbirleriniň Takfiriler bilen Siriýada ýa-da Owganystanda, Päkistanda we Yragyň Kürdüstan sebitida bolmagy taryhy bar.

Tags