General-maýor Salami: Eýrana garşy metbugat hüjümleri Hiroşimanyň ýadro bombalanmagyna meňzeýär
(last modified 2023-09-26T10:40:39+00:00 )
Sep 26, 2023 15:40 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Salami: Eýrana garşy metbugat hüjümleri Hiroşimanyň ýadro bombalanmagyna meňzeýär

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi duşmanlaryň Eýran ýaşlaryna garşy guran metbugat hüjümlerini Ýaponiýadaky Hiroşima we Nagasakini ýadro bombalanmagy bilen deňeşdirdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Hüseýin Salami Tähran uniwersitetiniň janaýamazlarynyň ýygnanyşygynda  uniwersitetiň Eýranyň halkara abraýynyň we şahsyýetiniň beýanydygyny aýtmak bilen häzirki wagtda duşmanlar uniwersiteti aňy ýoýmak, ýürekleri basyp almak, eýran ýaşlarynyň pikir we pikirleniş we ynanç atmosferasyna agalyk etmek üçin ähli tagallalarynyň merkezine öwürdiler diýdi.

General-maýor Salami, Eýran halkynyň ykdysady sanksiýalara, agyr medeni çozuşlara we global psihologiki amallara sezewar bolýandygyny aýtmak bilen güýçli ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň we dünýäniň ähli terrorçylarynyň Eýran bilen söweşendigini we söweşýändigini aýdyp Yslam respublikasy bir salym ikirjiňlense, ýurduň ykbaly üýtgär diýip beýan etdi.