Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Sionistleriň jenaýatlary dowam etse, hiç kim musulmanlary we garşylyk güýçlerini saklap bilmez
(last modified Tue, 17 Oct 2023 10:48:20 GMT )
Oct 17, 2023 15:48 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Sionistleriň jenaýatlary dowam etse, hiç kim musulmanlary we garşylyk güýçlerini saklap bilmez

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Sionist režimiň jenaýatlary dowam etse, hiç kim musulmanlary we garşylyk güýçlerini saklap bilmez diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý sişenbe güni Eýranyň saýlanan şahsyýetleri we ýokary ylmy zehinlileri bilen bolan duşuşygynda sionist režimiň basyp alnan ýerlerde Palestinanyň ezilen halkyna garşy dowam etdirýän jenaýatlaryna ünsi çekip basyp almyjySionist režimi suda çekilmelidir diýip beýan etdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy Köp habarlara görä, Sionist režimiň içinde geçen hepdäniň häzirki syýasaty Amerikalylar tarapyndan düzgünleşdirilýär; Soňky wagşyçylyklara Amerika jogapkär, partlamalar derrew bes edilmeli diýip nygtap geçdiler.

Aýatolla Hameneýi hem sözüniň dowamynda Häzirki wagtda Eýranyň ylmy jemgyýeti we elitalary täze herekete we täze ösüşe mätäçdir diiýp sözüne goşdylar.