Jan 02, 2024 10:43 Asia/Ashgabat
  • Eýran rialy boýunça Yraga we Owganystana eksporty başlandy

Eýran Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygy, Eýran rialy boýunça Yraga we Owganystana eksportynyň başlandygyny habar berdi.

Eýran Yslam Respublikasy, sanksiýalara garşy göreşmek üçin beýleki ýurtlar bilen söwda amallarynda milli walýutanyň ulanylmagyny ileri tutdy.

Hytaý, Hindistan, Russiýa we Türkiýe beýleki ýurtlar bilen söwdalarynda milli walýutany ulanmagy meýilleşdirýän ýurtlardandyrlar.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Mohammadreza Farzin duşenbe güni şeýle diýdi: serhedaşa rial meýilnamasyna merkezi bankda ençeme aý bäri garalýar we durmuşa geçirilmegi bilen eksportçylaryň rial bilen eksport etmek baradaky haýyşlary berjaý bolar we Owganystan ýa-da Yrak ýurtlaryna rial bilen eksport edil bilerler diýip beýan etdi.

 

Tags