NATO-nyň Baş sekretarynyň aýyplamalaryna we esassyz sözlerine Eýranyň jogaby
(last modified Wed, 31 Jan 2024 05:01:40 GMT )
Jan 31, 2024 10:01 Asia/Ashgabat
  • NATO-nyň Baş sekretarynyň aýyplamalaryna we esassyz sözlerine Eýranyň jogaby

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, NATO-nyň Baş sekretarynyň Yslam respublikasynyň sebitdäki roly baradaky esassyz aýyplamalaryny we sözlerini ýazgardy.

Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) Baş sekretary Jens Stoltenberg ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasyny Günbatar Aziýa sebitindäki durnuksyzlykda aýyplady we Eýranyň Gyzyl deňizdäki gämilere hüjüm edýän terroristleri goldamak üçin jogapkärdigini öňe sürdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" NATO-nyň Baş sekretarynyň esassyz sözlerini ýazgaryp NATO-nyň Baş sekretarynyň öňe süren talaplary ajy gülkünçlige meňzeýär, sebäbi kolonializmde garaňky taryhy bolan hemde weýran ediji  syýasatlaryny  Günbatar Aziýada taslamak we durmuşa geçirmek ugurda tagalla edýän NATO we onuň käbir agzalary diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde durnuksyzlygyň we howpsuzlygyň esasy sebäbi bolup durandyrlar diiýp nygtady.

Kanani Çafi Eýran Yslam Respublikasynyň esasy syýasaty elmydama goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgesiniň çäginde goňşular bilen gatnaşyklary berkitmäge esaslanýar diiýp yglan etdi.

Tags