Feb 07, 2024 15:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň arasyndaky Gazadaky ýaraşyk başlangyçlary barada gepleşik

Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleri Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy hüjümlerini duruzmak üçin edilen soňky tagallalary we syýasy hereketleri we bu zolakda atyşygy bes etmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Kataryň premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdulrahman bin Jassim al-Tani sionist režimiň Gaza zolagyna garşy hüjümlerini duruzmak üçin soňky tagallalar we syýasy hereketler barada telefonda gürleşdiler we Gaza we ot açyşlygy bes etmek, tussaglary çalyşmak we Gaza zolagynda palestina halkyna halkara ynsanperwer kömegini ibermek baradaky başlangyçlar barada pikir alyşdylar.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä, Sionist režimiň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan şu güne çenli Gaza zolagyna eden hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 27,585 adama ýetdi. Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi şeýle hem Sionist režimiň Gaza zolagyna eden hüjümlerinden ýaralananlaryň iň soňky sanynyň 66,978 adamdygyny mälim etdi.

Tags