Apr 24, 2024 15:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň goranyş pudagyna sanksiýalar

Eýranyň goranyş pudagyna sanksiýa bermek Günbataryň Ysraýyla beren täze sowgadydyr.

Ýewropa Bileleşigi nesil girginçi sionist režiminiň göwnünden turmak üçin Eýranyň goranmak pudagyna garşy sanksiýalary giňeltjekdigini yglan etdi.

Sionistleriň Eýranyň Siriýadaky konsullygyna eden jenaýat hüjümine jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Ysraýyla görlüp-eşidilmedik jeza çäresinden birnäçe gün soň, Ýewropa Bileleşigi bu režimiň göwnünden turmak üçin Eýranyň goranmak pudagyna garşy sanksiýalary giňeltjekdigini yglan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Josep Burrell duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Eýrana garşy ,raketa we pilotsyz uçar bilen sionistlere hujumy üçin ,sanksiýalaryny giňeltmek baradaky kararyny tassyklady we Eýranyň soňky döwürde raketa we pilotsyz hüjümleri bilen Ýewropanyň nägileligini nygtady. "Borrell" bu sanksiýalaryň maksady, Eýran we Russiýa ýaly ýurtlaryň raketa we pilotsyz uçar senagatynyň ösmeginiň öňüni almak diýendir.

Birnäçe gün ozal Amerikan we Iňlis hökümetleri Eýranyň raketa we pilotsyz uçarlary bilen baglanyşykly ýalan bahana bilen degişlilikde  eýranyň 16 şahsyýetine we 13 guramasyna sanksiýa berdiler. Şeýlelik bilen, garaşylşy ýaly, ABŞ-nyň haýyşyndan gysga wagt soň, Ýewropa Bileleşigi Eýranyň goranyş senagatyny, esasanam raketa we pilotsyz uçar pudaklaryny nyşana aljakdygyny mälim etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda kanuny goranmak ýörelgesiniň çäginde "Dogruçyl wada" ady bilen sionistlere garşy geçirilen Eýranyň operasiýasy, Ysraýylyň 1-nji aprelde Damaskdaky Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk binasyna howa hüjümine jogap boldy.

Amerika bilen Ýewropanyň Eýranyň raketa we pilotsyz uçar senagatyna sanksiýa bermek baradaky tagallalary şu wagt amala aşyrylýar, esasanam "Yslam respublikasy goranyş häsiýetini ýokarlandyrýan we goranyş häsiýetine eýe bolan raketalar we pilotsyz uçarlar bilen goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga synanyşýar. Eýranyň öňüni alyş doktrinasy bilen öz hünärmenlerine bil baglaýar we öň subut edilişi ýaly Eýran Yslam Respublikasy, beýleki ýurtlar ýaly goranyş mümkinçiliklerini güýçlendirmäge haklydyr, Eýranyň raketalary we pilotsyz uçarlary hem kanuny goranyşy maksat edinýär.  

 

Tags