Apr 27, 2024 14:14 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Goranmak ministri: Eýranyň Ysraýyla beren harby jogaby kanuny goranyş hukugyna laýyk geldi

Russiýanyň Goranmak ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri bilen bolan duşuşygynda Sionist režimiň Eýranyň Siriýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümlerini ýazgarmak bilen Tähranyň Ysraýyla garşy harby we jeza çäresini Eýranyň kanuny goranmak hukugyna laýyklykda hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Goranmak ministrleriniň 21-nji ýygnagyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň Astana şäherine giden Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Amir Brigada Muhammet Reza Garaei Aştiani Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şaýgu bilen duşuşanda Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine edilen hüjümde sionist režimiň bikanun hereketini we halkara kanunlaryny bozmagy ýazgarmakdaky pozisiýasy we we bu režimiň ulumsylygyna jogap hökmünde Eýranyň kanuny hereketini goldamak sebäpli minnetdarlygyny bildirmek bilen Russiýada we Eýrandaky terrorçylykly hüjümler Günbatar ýurtlarynyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň terrorçy toparlara berýän goldawynyň netijesidir diýdi.

Aştiani, NATO-nyň (Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasy) we käbir günbatar ýurtlarynyň gündogara ýaýramak we Şanhaýyň howpsuzlyk geografiýasynda bolmagy baradaky hereketlerine

salgylanmak we umumy howplary çözmek üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy nygtamak bilen, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky goranyş we harby gatnaşyklaryň uzak taryhyna salgylanyp sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy güýçlendirmek we global tendensiýalarda birtaraplaýynlygy ýok etmek üçin özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi çekdi.

Eýranyň we Russiýanyň Goranmak ministrleri Günorta Kawkaz sebitindäki wakalaryň iki ýurduň umumy bähbitleri üçin möhümdigini aýtmak bilen bu sebitlerde sebitara we gatyşýan aktýorlaryň bolmagy iki ýurduň umumy bähbitlerine ters gelýär diýip nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystanyň Goranmak ministrleri hem geçiren duşuşyklarynda ikitaraplaýyn goranyş hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini nygtadylar.

Tags