Oct 15, 2017 22:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis başlygy Saint Petersburg şäherinde mejlislelara bileleşiginde çykyş etdi
    Eýranyň mejlis başlygy Saint Petersburg şäherinde mejlislelara bileleşiginde çykyş etdi

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Amerikanyň prezidenti halkara ylalaşyklary äsgermezlik etmek bilen bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň hem hormatyny saklaýan däldir we ygrarsyzlygyny bütindünýä ähline aýan edendir diýdi.

şu gün Ali Larijani Orsýetiň Sentpeterzbugr şäherinde mejlisler ara bileleşiginiň 137-nji maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerika döwleti ençeme gezek Eýranyň içeri işlerine gatyşandyr şol sanda 1953-nji ýylda Eýranyň kanuny döwletini ýykandyr diýip nygtady.

larijani şeýle-de Eýranda yslam ynkylabyndan soňra hem Eýrana garşy uruşda Yragyň Bas režimine  goldaw berendir hemde 1988-nji ýylda Eýranyň ýolagçy gatnatýan uçaryny orup ýere gaçyrandyr we Amerikanyň döwletiniň şeýle bir geçmişi bilen hamala Eýran milletine jan ýandyrmagy geň zatdyr diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Amerikanyň Sepah Pasdarana ýapan aýyplasyny terrorçy DAEŞ toparyny goldamak ugurdaky hereket hasaplap Sepah Pasdaran halk içinden çykan bir harby güýçdir we Yrakdyr Siriýa döwletleriniň islegi esasynda olara kömek edendir diýip yglan etdi.

Tags