Apr 15, 2018 21:23 Asia/Ashgabat
  • Ruhani Amerika,Britaniýa we Fransiýanyň Siriýa garşy hüjümini tankyt etdi

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Amerika, britaniýa we Fransiýanyň Damask döwletini himiki hüjümlere baş goşmakda aýyplap Siriýa garşy amala aşyrabn hüjümi ş owsuzlyga uçran terrorçylary goldamak niýeti bilen ýola berilendir diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde halkara kanunlary äsgermeýän ýada başga bir ýurda el gatan tarapyň towgyna tok diýilmese şindi sebitde we halkara derejesinde täze durnuksyzlyklara şaýat bolmalydyrys diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani şeýle-de Amerika we onuň ýaranlarynyň Siriýa garşy amala aşyran hüjümi Amerikanyň terrorçylar bilen göni arabaglanşygynyň bardygyny mälim etdi diýip sözüne goşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu söhbetdeşlikde sebit we halkara derejesindäki aglaba meseleler barada Eýran bilen Orsýetiň bir meňzeş garaýyşa gulluk edýändiklerini aýdyp Amerika we onuň ýaranlarynyň araýan bahanalaryna garamazdan Siriýa garşy amala aşyrlan hüjüm halkara kanunlary gödek bozmakdyr diýip nygtap geçdi.

Tags