Jun 12, 2024 13:46 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä banky; Eýranyň ykdysady ösüşi şu ýyl 5% -e ýeter

Bütindünýä banky tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady ösüş çaklamasy bäş göterimde yglan edildi, bu 2022-nji ýyldaky 3,8 göterimden tapawutlylykdadyr.

Bütindünýä banky ýylyň ykdysady ösüşiniň çaklamasyny 2,6% -e çenli ýokarlandyrdy, bu bolsa öňki çaklamasy bilen deňeşdirilende 0,2% göterim ösüşi görkezýändir. Şeýle hem bu bank Bütindünýä ykdysady perspektiwasynyň soňky hasabatynda geosyýasy dartgynlylygyň we geçen ýyl bilen deňeşdirilende ýokary göterim derejeleriniň ýokarlanmagyna garamazdan bu görkezijiniň üç ýylda ilkinji gezek durnukly bolmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Bütindünýä banky 2025-26-njy ýyllarda jemi içerki önümiň ortaça 2,7 göterime çenli ýokarlanjakdygyny çaklady, pandemiýadan öňki on ýylda ortaça 3,1 göterim aşaklady.

Mehr habar gullugynyň çarşenbe güni beren habaryna görä; Halkara walýuta gaznasy ýakynda statistiki maglumatlarynda Eýranyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşiniň ýokarlanandygyny habar berdi.

Halkara Walýuta Gaznasy tarapyndan neşir edilen statistikalara görä, Eýranyň 2013-nji ýylda 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ortaça ýyllyk ykdysady ösüşi 1,5 göterim boldy.

Halkara Walýuta Gaznasy Eýranyň soňky üç ýylda ortaça ýyllyk ykdysady ösüşini 3,8 göterim diýip çaklady, bu 2013-nji ýyldan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli sekiz ýylda ykdysady ösüşden 2,5 esse köpdir.

Tags