Jun 14, 2024 12:24 Asia/Ashgabat
  • Eýran Liwan bilen serhetdäki Ysraýylyň başdan geçirmelerine duýduryş berdi

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sionist režimiň Liwan bilen basyp alnan Palestiniň demirgazyk serhedinde bolup biläýjek başdan geçirmeleri barada duýduryş berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Ali Bageri Keni", Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi "Gasem Al-Aarji" bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Sionistleriň Liwan hakda gowy ýatlamalarynyň ýokdugyny we bu  režimiň şowsuzlyklarynyň Liwandan başlandygyny aýdyp, Liwan sionistler üçin yzyna gaýdyp gelip bilmejek dowzah boljakdygyny aýtdy.

Bageri Keni şeýle-de, sionistleriň Gaza zolagynyň adamlaryny öldürmek bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan ozalky şertlere dolanmak isleýändigini, ýöne şertleriň hiç haçan öňki ýagdaýa gaýdyp gelmejekdigini aýtdy.

Sionist režimiň goşunynyň Gazanyň dürli sebitlerine geçen ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri eden hüjümlerinde 37232 adam şehit boldy we 85,37 palestinaly ýaralandy.

Tags