Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi Ysraýyl Liwana garşy hüjümi barada duýduryşy
(last modified 2024-06-22T10:07:43+00:00 )
Jun 22, 2024 15:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi Ysraýyl Liwana garşy hüjümi barada duýduryşy

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi, Ysraýyl režimeiniň sebitdäki islendik ýalňyş karary barada duýduryş berdi we bu režimiň Liwana garşy islendik hereketiniň ahyry ýeňiliş boljakdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi düýn (anna) Hizbullanyň özüni we Liwany goramak ukybynyň bardygyny belkide, Ysraýylyň bikanun režimini öz eli bilen ýok etmegiň wagty gelendigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Sionist režimiň içerki howpsuzlyk geňeşçisiniň öňki orunbasary "Şak Frieliş" bu režimiň ýolbaşçylaryna Liwana hüjüm etmek barada duýduryş berdi we mümkin bolan hüjümden soň, sionist režimiň içki frontyna we onuň möhüm harby mümkinçiliklerine agyr täsir eder diýip aýtdy.

Beýleki tarapdan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş" sionist  regimeimiň sebitde dowam edýän betbagtçylyklaryna reaksiýa bildirdi we sebitiň we dünýäniň halkynyň Liwanyň başga bir Gaza öwrülmegine çydap bilmejekdigini aýtdy.

Tags