Eýran bilen Bahreýn syýasy gatnaşyklary täzeden başlamak barada ylalaşdylar
(last modified 2024-06-24T07:18:01+00:00 )
Jun 24, 2024 12:18 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Bahreýn syýasy gatnaşyklary täzeden başlamak barada ylalaşdylar

Bilelikdäki beýanynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Bahreýn syýasy gatnaşyklary nädip dowam etdirmelidigini öwrenmek maksady bilen iki ýurduň arasynda gepleşikleri başlamak üçin zerur mehanizmleri döretmäge razy boldylar.

IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, bu bilelikdäki beýannama Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani bilen Bahreýniň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zianiniň arasyndaky gepleşiklerden soň çap edildi.

Bu beýannamada şeýle diýilýär: Bahreýn Patyşalygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky taryhy doganlyk gatnaşyklary we dini gatnaşyklar, goňşuçylyk, umumy taryh we özara bähbitleriň çygyrynda Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani we Bahreýniň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Ziani düýn, ýekşenbe güni Tähranda duşuşdylar we pikir alyşdylar.

Bahreýniň Daşary işler ministri, Aziýa hyzmatdaşlygy gepleşikler forumyna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň çakylygy boýunça Tährana geldi.

Aziýa hyzmatdaşlygy gepleşikleriniň (ACD) daşary işler ministrleriniň 19-njy ýygnagy şu gün (duşenbe) Eýranyň paýtagty Tähranda agza ýurtlardan we halkara guramalardan 41 wekiliýetiň gatnaşmagynda geçiriler.

Tags