Tähran; "Adalatly parahatçylyk, umumy global gepleşik" halkara konferensiýasynyň alyp baryjysy
(last modified Wed, 18 Sep 2024 12:53:13 GMT )
Sep 18, 2024 17:53 Asia/Ashgabat
  • Tähran;

Tähranda Bütindünýä Yslam Parahatçylyk Forumynyň howandarlygynda "Adalatly parahatçylyk, umumy global gepleşik" atly halkara konferensiýa geçirildi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu konferensiýada häzirki dünýä adalat esasynda parahatçylyga mätäçdigini aýtdy.

Naser Kanani şeýle-de Sionist režimiň 80 ýyl bäri bu sebiti basyp almagy bilen dowam etdirýän wagşyçylykly hereketleri, halkara parahatçylygy ýola goýup bilmezligiň we dünýädäki howpyň aýdyň mysalydyr diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözünüň dowamynda Hökümetleriň deňligi äsgerilmese, dünýä häzirki tolgunyşyk we bulam-bujarlyk ýagdaýynda galar diýip beýan etdi.

Bütindünýä Yslam Parahatçylyk Forumynyň Baş sekretary Dawud Ameri hem bu samitiň maksadynyň Halkara Parahatçylyk gününi bellemekdigini aýtdy.

Bütindünýä Yslam Parahatçylyk Forumynyň Baş sekretary şeýle-de Parahatçylyk, howpsuzlyk we adalata we adam hukuklaryna ýakyn düşünjeler halkara gatnaşyklarynda möhüm düşünjelerdir we biz bu ugurda Eýranyň içindäki we daşyndaky ýoldaşlary özimiz bilen hemra etmek üçin synanyşýarys diýdi.