Netanýahunyň garşydaşlarynyň demonstrasiýalary Tel Awiwde zorlukly boldy
(last modified Sun, 22 Sep 2024 09:13:26 GMT )
Sep 22, 2024 14:13 Asia/Ashgabat
  • Netanýahunyň garşydaşlarynyň demonstrasiýalary Tel Awiwde zorlukly boldy

Ysraýylyň genosid režiminiň Premýer-ministriň we ministrleriniň garşydaşlarynyň demonstrasiýalary polisiýanyň gatyşmagy bilen zorlukly boldy.

Palestina "Sama" habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni agşam Ysraýyl polisiýasy Tel Awiwda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň tussaglary alyş-çalyş etmek üçin Palestinanyň Yslam garşylyk hereketi (Hamas) bilen şertnama baglaşmak isleýän garşydaşlaryna hüjüm etdi we Ysraýyl režiminiň goşunynyň baş ştabynyň öňki başlygy "Dan Halots" hem bu konfliktde ýaralandy.

Şenbe güni agşam, demonstrantlar Ysraýylyň Uruş ministrliginiň Tel Awiwdäki baş edarasyna barýan ýoly ýene bir gezek beklediler.

Sionist režimiň kabinetine garşy çykýanlaryň demonstrasiýalary bir ýagdaýdadyr welin Uruş ministrliginiň merkezinde premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň we Ysraýylyň harby we syýasy işgärleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk ýygnagy geçiriljekdir.

Ysraýyl tussaglarynyň Gazadaky bu režimiň goşunyny tarapyndan bombalamagynda öldürilmegi we Netanýahunyň Hamas bilen tussag alyşmak şertnamasyna gol çekmezligi basyp alnan ýerlerde gahar we ýigrenç tolkuny döretdi.

Netanýahunyň Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmegine garşylygy, sionist tussaglaryň boşadylmagy üçin ylalaşyk gazanmak mümkinçiligini ret etdi.