Eýranyň prezidenti: Yslam ýurtlarynyň gowy geljegi agzybirligi döretmek ugrundaky üstünlikli tagallalara baglydyr
(last modified Tue, 24 Sep 2024 08:20:37 GMT )
Sep 24, 2024 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Yslam ýurtlarynyň gowy geljegi agzybirligi döretmek ugrundaky üstünlikli tagallalara baglydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, yslam ýurtlary üçin has gowy geljegiň yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirlik döretmek ugrundaky üstünlikli tagallalara baglydygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Nýu-Yorkorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynda sebitde uly umumy bazaryň döredilmegini we akademiki, ylmy we ykdysady alyş-çalyşlar Yslam dünýäsiniň beýikligini dünýä görkezip biler diýdi.

Pezeşkian şeýle-de yslam ýurtlarynyň agzybirligi bilen Gaza zolagynda bolup geçýän wakalar ýaly jenaýatlaryň asla görülmejekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, BMG-nyň 79-njy Baş Assambleýasyna gatnaşmak we Yslam Respublikasynyň halkara meseleleri boýunça pozisiýalaryny düşündirmek üçin ýekşenbe güni (22-nji sentýabr) ýokary derejeli syýasy wekiliýetiň başynda Nýu-Yorkorka gitdi.