Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Ysraýylyň Liwana eden hüjümi uruş jenaýaty
(last modified Sat, 28 Sep 2024 07:26:25 GMT )
Sep 28, 2024 12:26 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Ysraýylyň Liwana eden hüjümi uruş jenaýaty

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Beýrutyň Dahiýa sebitindäki birnäçe ýaşaýyş jaýyna eden wagşy we terrorçylykly hüjümini aç-açan jenaýat diýip atlandyrdy.

Iranpress habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani", Sionist režimiň Liwana eden wagşyçylykly hüjüminiň ABŞ-nyň Ysraýyla beren bombalary bilen amala aşyrylandygyny aýtmak bilen, bu jenaýat halkara kanunlarynyň we kadalarynyň gödek bozulmagy, şeýle hem Liwanyň özygtyýarlylygy we territorial bitewiligi we milli howpsuzlygy bilen birlikde, açyk we jedelsiz söweş jenaýatydyr  diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikany sionist režimiň jenaýatlarynyň şärigi hasaplamak bilen, Sionist režimiň Palestina we Liwan halkyna garşy edýän jenaýatlarynyň dowam etmegi ABŞ we käbir Günbatar ýurtlary tarapyndan atyşygy bes etmek çagyryşynyň aç-açan aldawdygyny we Sionist režimiň Palestina we Liwan halkyna garşy eden jenaýatlarynyň dowam etdirilmegi üçin wagt satyn almak maksady bilen bolýandygyny görkezýär diýdi.

Kanani sözüniň dowamynda Sionistleriň Palestina we Liwana garşy däli hüjümleriniň güýçlenmegi we raýatlaryň we bigünäleriň gorkusyz öldürilmegi halkara jemgyýetçiliginiň bu jenaýatlara we wagşylyga garşy hereketsizliginiň netijesidir diýdi.