Ynkylabyň ýokary lideri: Garşylyk frontunyň zarbalary sionist režimiň ýaramazlaşýan bedenine güýçli zarba urar
(last modified 2024-09-28T17:11:55+00:00 )
Sep 28, 2024 22:11 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Garşylyk frontunyň zarbalary sionist režimiň ýaramazlaşýan bedenine güýçli zarba urar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollanyň şehit bolmagy mynasybetli eden ýüzlenmesinde garşylygyň Seýidiniň ýoly we mekdebi dowam eder we garşylyk frontynyň sionist režimiň könelen we çüýrän bedenine edýän zarbalary has güýçli bolar diýip nygtadylar.

Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Hezretleri Aýatolla Hameneýi, beýik mujahidiň we garşylygyň baýdak göterijisi bolan Hojjatul-Islam Seýid Hasan Nasrollahyň şehit bolmagy mynasybetli eden ýüzlenmesinde, Hizbullanyň täsin lideriniň ähli garşylyk frontuna we Yslam ymmatyna şehit bolmagyny gutlap gynanç bildirmek bilen we ýurtda bäş günlük ýas tutulýandygyny yglan etmek bilen, onuň Liwanda guran binýady we beýleki merkezlere geçiren güýji, garşylygyň Aziz Seýidiniň ýitmegi bilen diňe bir ýitip gitmän, onuň we bu wakada beýleki şehit bolanlaryň gany sebäpli has güýçlener we Sionist režimiň könelen we çüýrän bedenine garşylyk frontunyň zarbalary has agyr bolar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy şeýle-de Seýid Hasan Nasrallahyň, Alla ondan razy bolsun Allahyň ýolunda onlarça ýyllyk jihadyň sylagyny mukaddes göreşde alandygyny aýtmak bilen Seýid Hasan Nasrollahyň Beýrutyň Dahiýadaky öýsüz-öwzarsyz adamlary goramak, weýran bolan öýleri we şehit bolanlar barada meýilnamasy bilen meşgullanýarka şehit boldy diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Yslam dünýäsi, beýik şahsyýeti;we garşylyk frontyň görnükli baýdak göterijini, we Liwanyň Hizbullah herketi bolsa seýrek liderligini ýitirdi, ýöne on ýyllyk meýilleşdirişiniň we jihadynyň bereketleri hiç wagt ýitmez diýip aýdyp geçdiler.

Hezretleri şeýle-de Sionist režimiň erbet tebigatynyň bu hadysada ýeňiş gazanyp bilmeýändigini aýdyp garşylygyň seýidy, adam däldi, bu bir ýol we mekdepdi we bu ýol dowam eder diýip nygtadylar.

Sionist režimiň söweşijileri düýn (anna) Beýrutyň günortasyndaky Dahiýa sebitini bombaladylar, netijede Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah şehit boldy.

Tags