Kanani: Sionist režimiň hereketleri jogapsyz galmaýar
(last modified Mon, 30 Sep 2024 10:22:57 GMT )
Sep 30, 2024 15:22 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Sionist režimiň hereketleri jogapsyz galmaýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimi tarapyndan edilen soňky jenaýatlara jogap hökmünde, Eýran hüjümçilere garşy berk durar we hüjümçiniň ellerini we aýaklaryny keser diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani duşenbe güni Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollanyň sionist režimi tarapyndan terror edilmegini ýazgarmak bilen, Sionist režimiň çozuşy belli bir sebit bilen çäklenmez; Şonuň üçin yslam ýurtlary sionist režime basyş etmek üçin öz mümkinçiliklerinden peýdalanmalydyrlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Amerikanyň Sionist režimine doly goldaw berýändigini aýtmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi, sionist režimini ABŞ-nyň weýran ediji hereketleriniň täsirinde saklap bilmedi diýip beýan etdi.

Kanani şeýle-de, sionist režimiň bir ýyl töweregi uruş jenaýatlaryndan soň hiç bir maksadyna ýetmändigini ýatlamak bilen, Sionist režimi bu jenaýatlara ýüz tutup, öz düzedip bolmajak şowsuzlygyny hiç wagt bejerip bilmez diýip belledi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Eýranyň halkara jemgyýetçiligine bu söweşiň sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp abandyryp biljekdigini birnäçe gezek duýduryş berendir diýmek bilen, Eýran söweşiji däl we parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga çalyşýar we milli bähbitlere we howpsuzlyga garşy islendik başdan geçirmelere garşy berk durýar we hüjümçiniň ellerini we aýaklaryny keser diýip sözlerine goşdy.