Pezeşkian Netanýahua ýüzlenip: Eýran islendik howpuň garşysynda berk durar
(last modified Wed, 02 Oct 2024 09:45:56 GMT )
Oct 02, 2024 14:45 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian Netanýahua ýüzlenip: Eýran islendik howpuň garşysynda berk durar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Sionist režimiň premýer-ministrine ýüzlenip, Eýran islendik howpuň garşysynda berk durjakdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň habar kanalyna görä Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Masud Pezeşkian" X sosial ulgamynda (öňki Twitter) ulanyjy hasabynda, Kanuny hukuklara esaslanyp, Eýran we sebit üçin parahatçylyk we howpsuzlyk maksady bilen sionist režimiň agressiýasyna aýgytly jogap berildi diýip ýazdy.

Pezeşkian sözüniň dowamynda bu çäre Eýranyň raýatlaryny we bäähbitlerini goramak üçin edilendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, Netanýahu Eýranyň söweşiji däldigini, ýöne islendik howpuň garşysynda berk durjakdygyny bilmelidir. bu diňe güýjümiziň bir burçudyr we Eýran bilen konflikte girmäň diýip nygtady.

Şol bir wagtda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režime we onuň tarapdarlaryna Eýran Yslam Respublikasynyň aýdýanlaryna aýgytly amal edýändigini duýdurdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani", internet giňişligindäki şahsy hasabynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň 51-nji maddasyna esaslanyp, Eýranyň howpsuzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini kanuny goramak hukugy bilen jenaýatçy agressorlaryň öňünde, biz aýgytly hereket etdik diýip ýazdy.

Kanani şeýle hem Sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna eýerýäris we hüjüm edýänlere garşy berk çäre göreris diýdi.