Oct 04, 2024 13:28 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti, jenaýatçy sionist regžime garşy musulmanlaryň agzybirligini nygtady

Eýranyň prezidenti, Ysraýylyň genosid režiminiň sebitiň halky üçin eden agyr jenaýatlarynyň yslam ýurtlarynyň arasynda tapawutlaryň we agzalalyklaryň bolmagy sebäpli ýüze çykýandygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Katara saparynyň soňky böleginde penşenbe güni agşam Katarda ýaşaýan eýranlylar bilen duşuşanda egr-de musulmanlar birleşseler, özlerine hormat we buýsanç getirer, on soň hiç kim olara ýigrenç ýa-da haýbat atmaga het edip bilmez diýdi.

Şeýle hem  Pezeşkian, Katarda ýaşaýan eýranlylara ýüzlenip, Eýran müňlerçe ýyllyk umumy däp-dessurlary we medeniýeti bilen ähli eýranlylaryň ýurdydyr diýdi.

Kataryň emiri bilen resmi duşuşmak we Aziýa hyzmatdaşlygy gepleşik forumynyň mejlisine gatnaşmak üçin Katara giden Eýranyň prezidenti penşenbe güni agşam Dohadan Tährana ugrady.

Tags