Prezident Pezeşkian, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady
(last modified 2024-10-12T09:58:59+00:00 )
Oct 12, 2024 14:58 Asia/Ashgabat
  • Prezident Pezeşkian, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady

Prezident Pezeşkian, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni umumylyk barada durup geçip, olaryň arasynda medeni, syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, prezident Masud Pezeşkian anna güni Türkmenistana sparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy "Gurbanguly Berdimuhamedow" bilen duşuşanda iki ýurduň arasyndaky medeni meňzeşliklere ünsi çekip, olaryň arasyndaky medeni, syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Pezeşkian, bu sapardan öň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygyna we Türkmenistanyň milli liderine gyzgyn salamlary ýoldandygyna yşarat edip, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň lideri çuňňur medeni alym we medeniýeti söýýän we meşhur türkmen şahyry "magtymguly pyragy" barada doly düşünýär we Eýranyň we Türkmenistanyň iki döwletiniň goňşy bolmakdan başga-da biri-biriniň garyndaşlarydygyna ynanýarlar diýip aýtdy.

Prezident Pezeşkian "magtymguly pyragynyň" 300 ýyllygyny bellemegi halkara derejesinde agzybirlik döretmek ugrundaky çäre hasaplamak bilen bu seminaryň şu günki habary we bu beýik şahyryň agzybirlik, jebislik we doganlyk baradaky goşgulary onuň ýokary ruhuny görkezýär diýdi.

Bu duşuşykda Türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, "magtymguly pyragynyň" 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada Pezeşkianyň gatnaşmagyna minnetdarlyk bildirmek bilen bu pursatdan peýdalanyp, alyhezretiňizden Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna mähirli salamlarymy we gowy arzuwlarymy bildirmegimi haýyş edýärin diýdi.

Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky umumylyklara salgylanyp, dogan ýurduňyza hoş geldiňiz we aramyzdaky medeni ugurlar giňelder diýip umyt edýärin. Şeýle hem konferensiýa gatnaşanyňyz we möhüm çykyşyňyz üçin sag bolsun aýdýaryn diýip beýan etdi.