Taht-e-Rawançi: ABŞ-nyň Ýemene edýän hüjümleri bes edilmelidir
(last modified Sat, 29 Mar 2025 16:13:05 GMT )
Mar 29, 2025 21:13 Asia/Ashgabat
  • Taht-e-Rawançi: ABŞ-nyň Ýemene edýän hüjümleri bes edilmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht-e-Rawançi, BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýemen boýunça ýörite wekili bilen duşuşygynda ABŞ-nyň bu ýurda edýän agressiw hüjümlerini duruzmagyň zerurdygyny aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy meseleler boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht-e-Rawançi, BMG-nyň Ýemen boýunça baş sekretary Hans Grundberg bilen Tähranda geňeşme geçirendigini habar berdi.

Eýranyň ýokary derejeli diplomaty X sosial ulgamdaky şahsy sahypasynda ýazan hatynda: Ýemendäki howply ýagdaý barada pikir alyşdyk diýdi.

Taht-e- Rawançi şeýle-de, "köp sanly adamyň ýaralanmagyna we şehit bolmagyna we Ýemeniň infrastrukturasynyň weýran bolmagyna sebäp bolýan ABŞ-nyň Ýemene garşy yzygiderli agyr hüjümleriniň bes edilmelidigini" belläp," bu ýurtdaky häzirki krizisiň harby çözgüdi ýok diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary soňda ot açyşlygy bes etmekligi güýçlendirmek we ozal ylalaşylan ýol kartasyny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmelidir we Eýran şeýle tagallalary goldaýar diýip ýazdy.