Jun 30, 2018 16:59 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:sebitiň durnuksyzlygy Amerikanyň ýalňyş syýasatlarynyň netijesidir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranyň sebitdäki roly baradaky Amerikanyň daşary işler ministrniň aýdan gürrüňiniň jogabynda durnuksyzlyk,ekstremizm,amansyzlyk,terrorizm we sebitiň başga dartgynlylyklary Amerikanyň ýalňyş syýasatlarynyň netijesidir diýdi.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Pars Aýlagyň durnuksyzlaşmagynyň jogapkäri Eýrandyr diýip toslady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Pompeonyň toslamasyna yşarat edip müňlerçe kilometr uzaklyklardan gelip Aziýanyň günbatar sebitiniň içeri işlerine gatyşýan Amerika döwleti dürli bahanalar we şiweler bilen şol sanda Eýrany gorkunç görkezmek syýasaty bilen dartgynlylyklary güýçlendirýändir,gyryş ýaraglaryny satýandyr we sebit ýurtlarynyň baýlyklaryna talaň salýandyr diýip sözüne goşdy.

Tags