Jul 12, 2018 16:58 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:häzirki asryň taryhy Amerikanyň ilçihanalarynyň bikanun işlerinden dolydyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň daşary işler ministrniň Eýrana garşy aýdan gürrüňiniň jogabynda Eýranyň diplomatik işleriniň aýyplanmagy Tehranyň daşary gatnaşyklaryny bozmak ugurda Amerikanyň amala aşyrýan tagallalarynyň çarçuwasyndadyr diýdi.

Amerikanyň daşary işler ministri Maik Pompeo puç toslamalarynyň çarçuwasynda Eýranyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryny gonakdar ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmakda aýyplandyr.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň daşary işler ministriniň bu toslamasyny ret edip Pompeo bu toslamany şeýle bir ýagdaýda ara atyp durandyr welin Amerikanyň ilçihanalarynyň ýüzlerçe harby we howpsyzlyk işgärleriniň bozgakçylyklary barada köp şaýatlyklar bardyr diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de häzirki asryň taryhy Amerikanyň ilçihanalarynyň bikanun işlerinden dolydyr diýip sözüne goşdy.

Tags