Mar 03, 2019 22:19 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Eýranyň daşary syýasatynyň gün tertibinde goňşylar durandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran Yslam Respublikasy Azerbaýjan Respublikasy,Ermenistan we başga ýurtlaryň howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini sebitiň köp ugurly ösüşi hasaplaýandyr diýip yglan etdi.

 Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Tehran döwleti goňşylary bilen garşylykly hormat esasynda bolan berk gatnaşyklary,içeri işlere gatyşmazlygy we şol bir wagtda gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýändir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranyň goňşy ýurtlarynyň her birisi bilen saklaýan gatnaşyklarynyň başga goňşy ýurtlaryň ýada dünýäniň başga ýurtlarynyň bähbitlerine garşy bolmajakdygyny yglan etdi.

Gasemi şeýle-de Eýran döwletiniň daglyk Garabag dawasy baradaky garaýyşy üýtgän däldir diýip sözüne goşdy.

Tags