Aug 07, 2018 16:20 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Trampyň maksady Eýranda ruhy uruşy ýola bermekdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň soňky wagtlarda Eýran garşy aýdan gürrüňlerini aýratynda Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky teklipine yşarat edip Tramp bu hilli hereketleri bilen Eýranda ruhy uruşy ýola bermek bilen bir wagtda ondan Amerika kongeresiniň saýlawlarynda haýyrlanjak bolýandyr diýip nygtady.

öten agşam prezident Hasan Ruhani göni tärde tele ýaýlymda eden çykyşynda Amerika ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra kyn ýagdaýa duçar bolandyr diýmek bilen Tramp Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky teklibini ileri sürmek bilen elden giden at-abraýny öwrüp almak bilen bir wagtda özüni Eýran milletiniň dosty höküminde tanatjak bolýandyr diýip beýan etdi.

Ruhani sözüniň dowamynda Eýran milletiniň Amerikanyň resmileriniň gapma-garşylykly sözlerini äsgermeýänligini aýdyp Eýranlylar geçen 40 ýylyň boýunda Amerikalylaryň her bir pursatdan peýdalanyp Eýrana urgy urmagyň yzyndadyklaryny bilýändirler diýip nygtap geçdi.

Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran täze döwür gadaganlyklaryndan soňra döreýän kynçylyklary çözmek ugurdaky döwletiň göz ögüne alan çärelerine yşarat edip Eýranyň döwleti kynçylyklary çözmek ugurda başga urganlaryň arkalaşygy bilen bar güýji bilen amal etjekdir diýip sözüne goşdy.

Tags