Aug 15, 2018 20:34 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Tramp gadaganlyklar keseline duçar bolandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň prezidenti Donald Tramp her bi bahana bilen başga ýurtlara garşy gadaganlyklary amala aşyrjak bolýandyr we kesellän adamlara meňzeýändir diýdi.

bahram Gasemi sözüniň dowamynda Amerikanyň başga ýurtlara we Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklaryna yşarat edip belli bolşyndan tramp gadaganlyklar keseline duçar bolan bolmaly sebäbi Eýrandan aýry Türkiýe, Orsýet we başga köp ýurtlara garşy gadaganlyklary amala aşyrýandyr we bu iş bolsa ýalňyş, bikanun we halkara usullaryna garşy hereketdir we ahyrynda Amerikanyň şowsuzlyga uçramagyna sebäp boljakdyr diýip nygtady.

Gasemi sözüniň dowamynda halkara köpçüligi we hatda Amerikanyň umumy pikirleri Waşingtonyň zor aýtmalarynyň we birtaraplaýyn hereketleriniň dowam etmegine rugsat bermezler diýip beýan etdi.

Tags