Oct 26, 2018 21:38 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Amerikanyň prezidenti sebitiň ýagdaýy barada gerek maglumatlardan paýsyzdyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Amerikanyň prezidenti Donald Tramp sebitiň ýagdaýy, taryhy we onsa ýaşaýan ilatyň ýöritelikleri barada gerek maglumata eýedäldir diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi ISNA habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Donald Trampyň tanalýan maslahatçylary käbir terrorçy toparlardan toplan nädogry maglumatlary Donald Trampyň erkinde goýup Amerikany Ortagündogarda giriftar etmek bilen bir wagtda Trampyň adyny garaldýandyrlar diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi şeýle-de Donald Trampyň Wall Street žurnal gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran barada aýdan gürrüňlerine yşarat edip gynanç bilen Donald Tramp Eýrana garşy nädogry gürrüňleri gaýtalamaga endik edendir diýip sözüne goşdy.

Tags