Nov 11, 2018 19:20 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: jihat we şehitlik ruhy ösdürilse gündogara we günbatara ymtylmak aýryljakdyr

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleriniň 14-nji aban güninde Gazwin welaýatynyň şehitler kongressiniň jogapkärleriniň duşuşygynda beren gürrüňleri şu kongressiň geçirlen mekanynda neşir boldy.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri Gazwin welaýatynyň şehitler kongressiniň jogapkärleriniň duşuşygynda Gazwin welaýatynyň geografiýa, taryhy we medeni ýagdaýyna yşarat edip Gazwiniň ulamalary , şehitleri hemde bu welýatyň geçmişi yslam ynkylabynda we mukaddes gorag döwründe buýsanarlydyr diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda şehitler ýurtda magnawy ýaşaýşyň rowaçlanmagyna we arzyly maksatlara tarap bolan hereketi goramaga sebäpkär hasaplamak bilen şehit ýaşaýşynda jan we teni bilen yslamyň gullugynda bolandyr we şehit bolmagyndan soňra hem magnawy örini döretmek bilen yslam köpçüligine gulluk edýäändir diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şehitleriň sesi bebik taňrudan täsir alandyr diýmek bilen şehitleri gadyrlamak boýunça geçirilýän çäreler bu oýandyryjy we ägälik beriji sesi hemmeleriň gulagyna eşitdirendir we şu esasda egerde jihat we şehitlik ruhy ösdürilse günbatara we gündogara hemde kapyrçylyga ymtylmak aýryljakdyr diiýp nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şehitleri unutmak we ýada olaryň bitiren uly işlerini kemsitjek bolýanlary tankyt etmek bilen mukaddes gorag döwründen 30 ýylyň geçenligine garamazdan olaryň ýady unudylmaz belkide gün geçdigiçe köpçülikde olaryň ýady janlandyrlar sebäbi şehitler ülňidirler diýip beýan etdiler.

Tags