Aragçi: Eýran bilen Ýewropanyň arasynda iki möhüm waka ýüze çykjakdyr
(last modified 2018-11-25T15:35:25+00:00 )
Nov 25, 2018 20:35 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran bilen Ýewropanyň arasynda iki möhüm waka ýüze çykjakdyr

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi Eýran bilen Ýewropanyň parahatçylykly ýadro hyzmatdaşlygy boýunça seminaryny bilen Eýran we Ýewropa bileleşiginiň ýokary syýasy gepleşiklerini iki tarapyň gatnaşyklaryndaky iki möhüm waka hasaplady.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbas Aragçi twitter sahypasynda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklarynyň we basyşlarynyň badalga alyp duran mahalynda erti Eýran bilen Ýewropanyň arasynda iki möhüm waka ýüze çykýar diýip yglan etdi.

 Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi bir topara ýolbaşçylyk edip Eýran bilen Ýewropanyň parahatçylykly ýadro hyzmatdaşlygy boýunça seminaryna gatnaşmak  maksady bilen Brussele sapar edendir.

Eýran bilen Ýewropanyň 3 ýurdynyň ýörite maliýe sistemasy baradaky gepleşikleri hem dowam etdirilýär diýip Aragçi aýtdy.

Tags