Nov 28, 2018 19:34 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: bir iş ediň hatda duşmanlar,Eýran milletine haýbat atmaga milt hem edip başarmasynlar

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri Eýran goşunynyň deňiz güýjiniň serkerdeleriniň we jogapkärleriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň duşmanlarynyň hatda beýik millete haýbat atmaklyga milt hem edip bilmezlikleri üçin başardygyňyzdan gudratyňyzy we taýýarlygyňyzy ýokarlandyryň diýdiler.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri deňiz güýji güni bolan nobabr aýynyň 28-ne barabar gelýän azar aýynyň 7-nji güni mynasybetli geçirlen bu duşuşykda beren gürrüňlerinde ýaşlara mömin we şowhunly güýje daýanylmagyny, ýurdyň dürli bölümlerindäki şol sanda ýaragly güýçler bölümdäki kynçylyklaryň çözülmeginiň açary bilip iki esse tagalla edilip taýýarlyklaryň artdyrylmagynyň gereklidigini nygtadylar.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri köp duşmanlaryň we bäsdeşleriň Eýran yslam respublikasynyň garşysynda hatar gurandyklaryna yşarat edip yza galaklyklaryň ýerini doldyrmaklygyň gereklidiginiň ýany bilen bu hakykatyň bolmagy düzgüniň bütin bölümlerinde şol sanda deňiz güýçde iki esse we adatdan daşary işlenilmeginiň gereklidigini görkezýändir diýdiler.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri yslam ynkylabynyň başyndan bäri goşunyň ylaýtada deňiz güýjiň elgeren üstünliklerini köp we haýrangaldyryjy bilip deňizz güýjiň durmuşky nesili özüniň başarjaňlygyna çuň imanly bolýandyr . şeýle halda Sahand adyndaky gäminiň we Fateh bilen Gadir adyndaky suwasty gämileriň deňiz güýje birikdirilmekleri ýaly işler , gudraty günsaýyn köpräk ösdürip bolýanlygyny buşlaýandyr diýip sözlerine goşdylar.

Eýranyň bütin güýçleriniň başserkerdesi Aýatolla hameneýi Hezretleri Eýranyň ýaragly güýçleriniň taýýarlyklarynyň artdyrylmagyny , duşmanlaryň gorkmaklaryna we goranyş işlere sebäp bilip yslam respublikasy hiç kimiň garşysynda urşy başlamakçydäldir emma duşmanyň hem Eýrana hüjüm edäýmekden gorkmagyndan aýry Eýranyň ýaragly güýçleriniň kuwwatlylygynyň bereketine wehimiň saýasy Eýran milletiniň başyndan sawulmalydyr diýip nygtap geçdiler.

Tags