Dec 19, 2018 21:51 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:bütin dünýä imperializm Eýrana urgy urmagyň yzyndadyr

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky bütin dünýä imperializm Eýran Yslam Respublikasyna urgy urmagyň yzyndadyr emma geçen 40 ýylda boluşy ýaly ýenede şowsyzlyga uçrajakdyr diýip yglan etdi.

şu gün Ali Şamhani durmuşky ýagdaýda duşmanyň ykdysady we ruhy uruşyna gabat gelip durandyrys diýmek bilen mukaddes gorag döwüri ýaly hüşgärlilik,geçirimlilik,jan aýamazlyk,sabyrlylyk we çydamlylyk bilen dinimizi,watanymyzy we milletimizi goramalydyrys diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykanlygyna yşarat edip Waşington döwleti halkara kanunlary we karar hatlary bozmaklyga bahanasy bolmasada halkara kanunlara garşy hereketlerinde ikirjiňlenýän däldir diýip sözüne goşdy.

Tags